Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy Jon Makgregor Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna ýetip gelýän 2024-nji ýyl mynasybetli gutlag ýollady. Gutlag «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çap edildi. Makgregor ýollan gutlagynda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda 2023-nji ýylda üstünlikli hyzmatdaşlygyň alnyp barlandygyny belläp geçdi. Gutlagda şeýle işleriň hatarynda Türkmenistanyň Serhet gullugynyň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça maksatnamanyň çäginde BOMKA bilen bilelikde türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagynda ýolagçy resminamalarynyň howpsuzlygy babatda okuwlaryň geçirilendigi bellenilýär. Şeýle hem Aşgabatda ÝHHG-niň goldamagynda kiberhowpsuzlyk pudagynda öňdebaryjy tejribe Merkezi açyldy. Ilçiniň belleýşi ýaly, ÝHHG Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagyny işjeň goldaýar. Gurama Türkmenistan bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa, ykdysadyýet we ekologiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Gutlagyň ahyrynda J.Makgregor Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglygyny we üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa ruhubelentlik, bagt we gülläp ösüş arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir