Şu gün 27-nji tapgyryň çäginde Balkanabat şäherinde «Şagadamy» kabul eden «Nebitçi» möwsümdäki iň soňky Balkan derbisini ýeňiş bilen tamamlady. Bu ýeňiş, şol bir wagtyň özünde, «Nebitçä» möwsümiň bürünç medalyny bagyşlady. Duşuşyk 2:0 hasabynda ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. 7-nji minutdaky dartgynly pursatda «Şagadamyň» oýunçysy Ýunus Orazmämmedow säwlik bilen öz derwezesine gol geçiren bolsa, 55-nji minutda Akmämmet Metdäýew bu goluň üstüni ýetirdi. Şeýlelikde, «Nebitçi» möwsümdäki ähli duşuşyklaryny tamamlady. Topar 24 duşuşykda 43 utuk toplap, çempionyň 29, kümüş medalyň eýesiniň bolsa 11 utuk yzynda bürünç medalyň eýesi boldy. Ozal habar berşimiz ýaly, 27-nji tapgyrda «Altyn asyrdan» asgyn gelen «Ahal» bürünç medal üçin göreşmek mümkinçiligini ýitirdi. 14 utukly «Şagadamyň» ätiýaçda ýene bir utugy bar. 29-njy dekabrda «Ahal» bilen duşuşykda «Şagadam» üçin hem, onuň garşydaşy üçin bu duşuşygyň ähmiýeti az.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir