Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça çempionatynyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sowgady hökmünde bäş sany «Toyota Fortuner» we 2 sany «Toyota Camry» awtoulagy gowşuryldy. Türkmen türgenleri bu abraýly ýaryşda 15 dürli medal gazandy. HHM-iň habaryna görä, sylaglanyş dabarasy şu gün Aşgabatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara maslahatyň çäginde geçirildi. Dünýä çempionlarynyň bäşisine «Toyota Fortuner», iki sany tälimçä bolsa «Toyota Camry» awtoulagy gowşuryldy. 23 ― 28-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatyna 45 ýurtdan 180-den gowrak türgen gatnaşdy. Türkmen türgenleri 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandy. Dinara Rozykulowa (63 kg çenli), Mariýa Lohowa (70 kg çenli), Wepa Awlýakuliýew (60 kg çenli), Sabina Kadyrowa (78 kg çenli) we Daýanç Omirow (81 kg çenli) dagylar hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndylarynyň baş tälimçileri Dörtguly Tejenow bilen Şirin Kubaýewa «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýlen hormatly at dakyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir