Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňiji bolan ýaşlary Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3500 (üç müň bäş ýüz) manat pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Karara gol çekdi. Bu ýokary sylag bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak, şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleri wasp etmekde, dana şahyryň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerimize söýgi döretmekde, şahyryň hormat-sarpasyny has-da belende götermekde döwrebap, kämil eserleri döreden, medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş eden, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge goşant goşan döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar sylaglanyldy. Sylaglanan ýaşlaryň arasynda dürli ugurlaryň — edebiýatyň, aýdy-saz, teatr we şekillendiriş sungatlarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary, ýaş alymlar hem-de medeniýet we sungat ussatlary bar. Prezidentiň gol çeken Kararyna laýyklykda aşakdaky raýatlary sylaglanyldy: Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy Maksatmyrat Serdarowiç Çaryýew; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Gülnar Gurbanmyradowna Geldimyradowa; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy Merjen Berdiýewa; «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň buhgalteriýa bölüminiň 1-nji derejeli buhgalteri Çarygeldi Nurmyradowiç Gurbanow; Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň pedagogika mugallymy Kakajan Hojagurbanowiç Çaryýarow; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Güljemal Rejepowna Myradowa; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň 6-njy ýyl talyby Salyh Mämmetsapar ogly Saparmämmedowy; Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Gurbangül Mämmetnazarowna Bekbaýewa; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň başlygynyň önümçilik meseleleri boýunça orunbasary Isgendermuhammet Annamuhammedowiç Annamuhammedow; Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň 1-nji derejeli artisti Guwançmyrat Amanmämmedowiç Allanazarow; Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Maksat Agamuradowiç Hudaýberdiýewi; Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň mugallymy Annageldi Öwezmuhammedowiç Annaýew; Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň saz nazaryýeti bölüminiň ikinji derejeli mugallymy Kerim Gadamowiç Jumagulyýew; Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň estrada artistleri toparynyň 1-nji derejeli artisti-wokalisti Üýşenmyrat Meretmuhammedowiç Annanurow; Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Bägül Döwletgeldiýewna Maşadowa.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir