Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Ol «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda tamamlanyp barýan ýylyň jemlerini jemleýän özboluşly çärä öwrüldi. Oňa daşary döwletleriň, halkara guramalaryň ýurtdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşýar diýip, TDH ýazýar. Dabaranyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan «Türkmenistanyň Hökümetiniň hemmeler üçin ýokary hilli dermanlara elýeterliligi, lukmançylyk hyzmatlarynyň yzygiderliligini we hilini üpjün etmek arkaly saglygy goraýşyň hyzmatlarynyň ählumumy gurşawynyň ýolunda ösüşi çaltlandyrmak boýunça möhüm tagallalary üçin» atly güwänamany; Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäherindäki Gauting Supramilli Referens barlaghanasy tarapyndan Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Merkezleşdirilen barlaghanasynyň molekulýar barlaglarynyň hiline daşarky baha beriş işleriniň üstünlikli geçirilendigini tassyklaýan üç sany güwänamany; Morfologiýa merkeziniň düzümindäki Merkezi kazyýet lukmançylyk edarasynyň kazyýet-himiýa barlaghanasyna Halkara akkreditasiýa şahadatnamasyny gowşurdy. Soňra «UI GreenMetric World University Ranking» agentliginiň başlygy Riri Fitri Sari Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisiniň «UI GreenMetric World University Ranking» atly halkara reýtinge goşulandygyny tassyklaýan şahadatnamany gowşurdy. Şolaryň hatarynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmen oba hojalyk instituty bar. Halkara küşt federasiýasynyň meýilleşdirmek we ösüş maksatnamalary komissiýasynyň maslahatçysy Bakyt Omurzakow halkara grossmeýsteriň adyna ýetmekde möhüm ösüşleri gazanandygy baradaky şahadatnamany Saparmyrat Atabaýewe gowşurdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan Türkmenistanda hususy pudagyň arasynda sanly özgerişlikleri üstünlikli öňe sürmekde, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde we ýurduň sowatly ýaşlaryny goldamakda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň tagallalaryny ykrar etmek hakynda şahadatnamany we diplomy gowşurdy. Fransiýa Respublikasynyň «Bureau Veritas» klassifikasion jemgyýetiniň Türkmenistandaky şahamçasynyň wekili Ýazmyrat Malakow «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine «Bureau Veritas Marine Kazakhstan» jogapkärçiligi çäklendirilen guramasynyň «Gämi gurluşygy we abatlamak babatda önjeýli hyzmatdaşlyk we ýakyndan ýardam üçin» şahadatnamasyny gowşurdy. Beýik Britaniýanyň Sertifikatlaşdyrylan logistika we ulag institutynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň Baş sekretary Erbol Muhaýew sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligine Beýik Britaniýanyň Sertifikatlaşdyrylan logistika we ulag institutynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň adyndan «Türkmenistanyň logistika we awtomobil ulaglary pudagynda ýaşlaryň ösüşine üstünlikli goşant goşandygy üçin» şahadatnamasyny gowşurdy. Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentligine Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň işine goşandy üçin Hormat diplomyny gowşurdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir