Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýän «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň jemlerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahata we sergä «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem gatnaşýar. Halkara sergisinde döwlet ösüşiniň möhüm şerti bolan täzeçil usullar, sanly ulgam, ylmyň gazananlary we ýokary tehnologiýalar bilen tanyşdyrylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalary bilen meşgullanýan ýaşlar täze intellektual pikirleri ýurduň önümçiligine üstünlikli ornaşdyrýarlar. Çünki sanly tehnologiýalar geljegiň ylmy kuwwaty, ösen aň-bilimi, röwşen geljegiň binýadydyr. Şu nukdaýnazardan ýurduň milli ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda, şol sanda ulag we kommunikasiýa pudagynda zehinli, başarnykly ýaşlaryň zähmet çekmeginiň ileri tutulýan işleriň hatarynda durýandygyny bellemek bolar. Mälim bolşy ýaly, «Akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan Arkadag şäherinde sanly ulgamy ornaşdyrmak, döwrebap kommunikasiýa tehnologiýalaryny gurnamak işleri «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komiteti tarapyndan alnyp baryldy. Täze akylly şäherde birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesinde «akylly» ulgamyny goldamak işlerini amala aşyrdylar. Şunuň bilen birlikde, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda birnäçe ugurlar boýunça sanly çözgütler işlenip taýýarlanyldy. Şeýle hem, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurtda kompýuter ylymlary we tehnologiýanyň innowasiýa usullary bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan her ýyl «Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçirilýär. Her ýylda, ýokary guramaçylykly geçirilýän «Sanly çözgüt» atly innowasion bäsleşiginiň baş maksady, adam durmuşyny aňsatlaşdyrmak üçin tehnologiýalary yzygiderli ösdürmekden hem-de şol kämil we çylşyrymly tehnologiýalardan peýdalanyp, täze sanlylaşdyrylan döwri kemala getirmekden ybaratdyr. Innowasion oýlamalar bilen meşgullanýan zehinli ýaşlar bolsa öz gezeginde, täze sanly çözgütleriň her bir adamyň we umuman jemgyýetiň durmuşyny amatlaşdyrmak üçin has möhümdigine gowy düşünýärler. Aragatnaşyk pudaklarynyň ýaş hünärmenleri ýurduň ähli künjeginde üznüksiz hyzmatlary bilen, iş ýerlerde, öýde, dynç alyşda, ýolda hereket edýän aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek, olaryň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek wezipesini özlerine baş ýörelge edinýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir