Gyrgyzystan Respublikasy toparyň ähli agzalary tarapyndan biragyzdan tassyklanmagyň esasynda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin Bitaraplygyň dostlarynyň toparyna resmi taýdan goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berdi. Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň agzasy hökmünde Gyrgyzystan bitaraplyk ýörelgeleriniň has giňden ulanylmagy esasynda toparyň ählumumy parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüş maksatlaryna bolan ygrarlylygyny güýçlendirer. Bitaraplygyň dostlary topary ählumumy parahatçylyga we howpsuzlyga ýetmek üçin bitaraplygy ösdürmäge gönükdirilen resmi däl halkara platformadyr. Topar bitaraplygyň möhümdigine göz ýetirip, döwletara gepleşikleri ýola goýmaga, ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy berkitmäge çalyşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir