Dünýäde garyplygyň derejesi ýokarlanýar. Bütindünýä Bankynyň hasaplamalaryna görä, 2030-njy ýylda Zeminiň ilatynyň tas 7 göterime golaýy garyplygyň çaginde ýaşar diýip, «24KZ» habar berýär. Bu ýarym milliard adamdan hem köpdür. Bu, esasan, Sahara çölünden günortadaky Afrika ýurtlaryna dahyllydyr. Habarda garyplyga garşy göreşe koronawirus pandemiýasy, harby gapma-garşylyklar we azyga ýokary nyrhlar ýaramaz täsir etdi diýlip bellenýär. Ýagdaýy guraklyk, sil joşgunlary we harasatlar ýaly tebigy heläkçilikler çylşyrymlaşdyrýar, netijede, adamlary ýaşamak üçin serişdelerden mahrum edip, öýler we infrastruktura ýumrulýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir