Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 27-nji tapgyrynda «Ahal» bilen geçiren duşuşygyndan soň Aşgabadyň «Altyn asyr» toparyna çempionatyň kümüş medaly dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. TFF-niň resmi saýtynyň ýazmagyna görä, medallary topara federasiýanyň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Berdimyrat Nurmyradow gowşurdy. Feýr-pleý baýragy hem «aragatnaşykçylara» Şeýle bu dabaralaryň çäginde «Altyn asyra» feýr-pleý baýragy hem gowşuryldy. Bu baýragyň her möwsümde iň az jerime alan topara gowşurylýandygyny ýatladýarys. 27-nji tapgyrda «Ahaly» 2:1 hasabynda utan «Altyn asyr» bassyr ikinji ýylda milli çempionatyň kümüş medalyna mynasyp bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir