«Ahalyň» tejribeli ýarym goragçysy Elman Tagaýew Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň ökde oýunçysy diýlip yglan edildi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berdi. Elman Tagaýew bu ada bir ýyl arakesme bilen ikinji gezek mynasyp boldy. Mundan ozal 2021-nji ýylyň möwsümi boýunça-da ol iň ökde oýunçy hökmünde öňe çykmagy başarypdy. 34 ýaşly futbolçy şu ýyl «Ahalyň» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky, milli çempionatdaky we Kubok ýaryşyndaky duşuşyklarynda tutuş topara ýolbaşçylyk edip, mynasyp görelde görkezdi. Ýokary liganyň şu möwsüminde 7 gezek tapawutlanan Elman Tagaýew, şol bir wagtyň özünde «Ahalyň» iň netijeli futbolçysy boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir