Tüwiniň bahasy durnukly isleg we üpjünçiligiň gytlygyndan howatyrlanma bilen baglylykda, gymmatlamagyny dowam edýär diýip, «Bloomberg» habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Taliandyň Tüwini eksport edijileriniň assosiasiýasynyň maglumatlaryna laýyklykda, 5 göterimli broken sortly ak tüwiniň bahasy bir tonna üçin 659 dollara ýetdi. Bu 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejedir. Ýylyň başyndan bäri tüwiniň bahasy 38 göterim gymmatlady. Nyrhlaryň gymmatlamagy Hindistanyň tüwiniň eksportuna girizen çäklendirmeleri bilen baglydyr. Galyberse-de, guraklyk käbir ýurtlarda hasyla howp salýar. Önümiň ýokary bahasy hümmetsizlenmä täsir eder we satyn alyjylaryň import çykdajylaryny artdyrar. Ýurtlaryň birgideni gorlary köpeltmek üçin satuwlary artdyrýarlar. Awgustyň ahyrynda Hindistan ýurduň ilatynyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, tüwiniň eksportuna çäklendirmäni güýçlendirdi. Ony iri eksport ediji bu ýurt gaýtadan 20 göterimlik eksport ýygymyny girizdi hem-de tüwiniň eksportuny 80 göterim çäklendirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir