Moskwanyň Halkara kinofestiwaly geljek ýylyň 19-26-njy apreli aralygynda geçiriler, bu barada festiwalyň edarasyna salgylanýan «Interfax.ru» habar berýär. 46-njy MHKF-niň esasy meýdançasy, däp bolşy ýaly, paýtagtyň «Oktýabr» kino merkezi bolar. Her ýyl kinofestiwalyň çäklerinde Moskwanyň 10 kinoteatrynda 200-den gowrak filmiň görkezilişi guralýar. MHKF Wenesiýa kinofestiwalyndan soňra dünýäde ikinji baýry kinoşüweleňdir. Ol ilkinji gezek 1935-nji ýylda geçirildi. Şol gezek eminler toparyna nusgawy režissýor Sergeý Eýzenşteýn başlyklyk etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir