Kolumbiýadaky dogduk şäheri Barrankilýede aýdymçy zenan Şakiranyň hormatyna heýkel açyldy. Bu barada «Espectador» neşirine salgylanýan «News.ru» ýazýar. Şäheriň häkimi Haýme Pumareho açylyş dabarasynda Şakiranyň Karib sebitiniň zenanlaryny we gyzjagazlaryny ruhlandyrýandygyny nygtady. Şakira sosial ulgamdaky sahypasynda bu wakanyň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, dogduk şäheriniň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir