Russiýaly meşhur aýdymçy Nýuşa türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bagt nury» atly aýdymyny ýerine ýetirdi. 27-nji dekabrda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň meşhur sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda guralan bu dabarada çykyş eden russiýaly meşhur aýdymçy Nýuşa türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bagt nury» atly aýdymyny ýerine ýetirdi. Mundan ozal, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Anna Wladimirowna Şuroçkina (Nýuşa) «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly adyň dakylandygyny habar beripdik. Düýnki baýramçylyk konsertiniň dowamynda şu mynasybetli russiýaly aýdymça degişli nyşanyň gowşurylyş dabarasy boldy. Nýuşa konsertden soňra žurnalistlere beren interwýusynda özünde galan täsirleri şeýle paýlaşdy: «Şu gün meniň durmuşymda iň şatlykly gün. Konsertde Gahryman Arkadagyň «Bagt nury» diýen aýdymyny ýerine ýetirdim. Bu meniň üçin uly hormat we ýatdan çykmajak pursat. Bu aýdym meni türkmen halkyna has-da ýakynlaşdyrdy. Şeýle uly sahnada Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen, «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada eýe bolmagym we bu belent adyň nyşany bilen sylaglanmagym durmuşymda ýatdan çykmajak pursatlara beslendi».

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir