Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ministriniň orunbasary Sun Ýao bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda taraplar häzirki wagtda iki döwletiň Baştutanlarynyň yzygiderli ýokary derejedäki duşuşyklarynyň amala aşyrylmagynyň netijesinde türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça depginli ösdürilýändigini bellediler. Taraplar Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüş we netijeli häsiýete eýedigini nygtaldylar. Şunuň bilen birlikde, hünärmenleri taýýarlamak, olaryň alyş-çalyşygy, maglumat howpsuzlygy boýunça bilim we maslahat beriş çäreleriniň geçirilmegi babatynda hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmeginiň meseleleri maslahatlaşyldy. Gysga we uzak möhletleýin ylmy-barlag hem-de bilim maksatnamalarynyň, lukmançylyk, oba-hojalygy, ekologiýa, nanotehnologiýalar, syýasaty öwreniş we başga ugurlar boýunça okuw sapaklarynyň hem-de maslahatlarynyň gurnalmagynyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şeýle hem duşuşykda Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana amala aşyran şu gezekki sapary bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mazmunyny baýlaşdyrmakda ähmiýetli waka öwrüljekdigi hem-de iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge kuwwatly itergi berjekdigi barada bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir