Ertir ― 29-njy dekabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň şu möwsüminiň iň soňky resmi duşuşygy geçiriler. Ýokary liganyň 26-njy tapgyrynyň çägindäki duşuşykda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» «Ahaly» kabul eder. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy resmi saýtynda duşuşygyň «Şagadam» stadionynda geçiriljekdigini we onuň gündiz sagat 13:00-da başlanjakdygyny habar berdi. «Ahalyň» möwsümde dördünji orny eýeländigini ýatladýarys. «Şagadam» ertir ýeňiş gazansa, ýedinji orundaky «Energetik» bilen utugyny deňlär. Şeýle ýagdaýda ýedinji ornuň eýesi iki toparyň arasyndaky oýunlara görä kesgitlener.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir