Şu gün — 28-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baş arçasynyň ýanynda, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada guralan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany bu ýerde dabara gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy. Çagalar Prezident Serdar Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen garşylap, bagtyýar çagalyk üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. Bu ýerde körpeleriň tüýs ýürekden ýerine ýetiren we belent ruha beslenen goşgy setirleri geljege ynamly garamagyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda bagtyýar durmuşda ýaşaýandyklaryna bolan çuňňur hoşallyk bolup ýaňlandy. Joşgunly sazlaryň astynda Prezident Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde Täze ýyl arçasynyň ýanyna bardy. Bu ýerde Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymanlary Aýazbaba we Garpamyk hem-de tamamlanyp barýan 2023-nji ýylyň nyşany bolan towşanyň we ýetip gelýän 2024-nji ýylyň nyşany bolan luwuň keşbine giren çagalar türkmenistanlylaryň, ýaş nesilleriň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowy Täze ýyl bilen gutladylar. Soňra döwlet Baştutany ýaşajyk artistleriň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýaş artistlere ajaýyp çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de çagalar bilen bilelikde arçanyň daşyndan aýlanyp, olaryň şatlygyny paýlaşdy. Soňra dabara gatnaşan çagalaryň ählisine Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Döwlet Baştutany çagalaryň haýyşy boýunça, olar bilen bilelikde, ýurduň Baş arçasynyň ýanynda ýadygärlik surata düşdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir