Şu gün — 28-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasyna baryp, bu ýerde dowam edýän sergi bilen tanyşdy we Täze ýyl şüweleňini synlady. Döwlet Baştutany köpugurly sergä gatnaşyjylara täze üstünlikleri arzuw edip, Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk öwüşgininde bezelen uly zalyna bardy. Bu ýerdäki arçanyň töwereginde Täze ýyl ertekileriniň baş gahrymanlary Aýazbaba, Garpamyk, 2024-nji ýylyň nyşany bolan luw, baýramçylyk lybasyndaky köp sanly ýaşajyk aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary ýygnandylar. Olaryň ählisi döwlet Baştutanyny şadyýan garşyladylar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerde guralan baýramçylyk dabarasyna döwlet Baştutany, Hökümet agzalary öz çagalary hem-de agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de ýurduň daşary döwletlerdäki ilçileri öz çagalary bilen gatnaşdylar. Hormatly Prezident estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň, tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, dürli ýaşly zehinli çagalaryň, şol sanda çagalar baglarynda terbiýelenýänleriň çykyşlaryna tomaşa etdi. «Güneş» çagalar hory, «Mukam» skripkaçylar topary, «Ruhubelent çagalar», «Şowhun», «Aýjan», «Meňli», «Dokmaçylar», «Galkynyş» tans toparlary baýramçylyk sahna meýdançasynda özleriniň döredijilik sowgatlaryny görkezdiler. Döredijilik toparlary bilen birlikde, aýdymçylar özleriniň sungatdaky başarnyklaryny görkezdiler. Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň çykyşlary ýygnananlarda uly täsir galdyrdy. Ýaşajyk artistler türkmen sungatynyň, medeniýetiniň uly geljeginiň bardygyny aýdyňlyk bilen görkezdiler. Täze ýylyň hormatyna dabara gatnaşyjylara süýjülik torty hödürlenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir