ABŞ-nyň Prezidentligine dalaşgär Donald Tramp 30 ýyl mundan öň «Ýeke özi öýde - 2» filminde özüne kiçijik sahnada surata düşmek üçin ýalbarandyklaryny gürrüň berdi. Filmde Kewin Makkalister (Makoleý Kalkin) ondan salgy soraýar, Tramp salgy berýär, ol filmde bary-ýogy birnäçe sekunt görünýär. Bu barada «MIR 24» ýazýar. Birnäçe gün mundan öň filmiň režissýory Kris Kolambus metbugat söhbetdeşliginde Trampyň eger özüni-de kiçijik sahnada görkezseler, filmiň belli bir parçalaryny myhmanhanasynda surata düşürmäge razylyk berjekdigini aýdandygyny gürrüň berdi. Emma Tramp tersine, olaryň özüni kino düşmäge yrmak üçin ýalbarandyklaryny ýatlady. Tramp filmiň henizem uly üstünlige eýedigini, her gezek Roždestwo baýramynyň öňýany «Ýeke özi öýde - 2» filmi görkezilende, tanyşlarynyň jaň edýändigini gürrüň berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir