Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasynda tamamlanyp barýan ýylyň jemlerine bagyşlanan Halkara ylmy-amaly maslahatyň çäginde guralan köpugurly sergä baryp gördi diýip, TDH habar berdi. Sergi dürli döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýaşlar bilen işleşmekde gazanan üstünliklerini görkezdi. Hususan-da, Halk Maslahatynyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, ýerli häkimiýetleriň, şeýle hem medeniýet, ylym, bilim we beýleki ugurlaryň üstünlikleri görkezildi. Ýaş nesliň bilim almagy, ösmegi we öz-özüni kämilleşdirmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi we bu ugurda täze döwlet maksatnamalary tassyklandy. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýaşlar sergisine eden sapary döwlet Baştutanynyň ýaşlary goldamak we olaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin amatly şertler döretmek meselesine ilkinji nobatda üns berýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir