Türkiýäniň demirgazyk-günbatarynda bolan ýedi sany ulag serişdesiniň çaknyşygynda 10 adam heläk boldy, 60 adam ejir çekdi diýip, «Daily Sabah» neşirine salgylanýan «Interfax.ru» habar berdi. Awtoulag heläkçiligi Sakarýa diýen ýerde penşenbede irden boldy, ýük ulagy, üç awtobus we ýene üs sany ulag çaknyşdy. Ejir çekenler golaýdaky hassahanalara eltildi. Stambul tarapa hereket togtadyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir