Aşgabatdaky «Soltan Loft» restorany diňe bir ulularyň däl, eýsem, çagalaryň hem wagtlaryny ýakymly geçirmeklerini üpjün etmekden we ajaýyp tagamlary hödürlemekden hoşaldyr. Ýörite enjamlaşdyrylan çagalar otaglary we meýdançalary restoran işinde barha meşhurlyga eýe bolan täze aýratynlyk bolup, «Soltan Loft» restorany türkmen paýtagtynda ilkinji bolup bu aýratynlygy hyzmatlarynyň hataryna girizdi we özüniň «Child-friendly» (Çagalar üçin amatly) edara diýen derejesine mynasyp boldy. Ýaşajyk myhmanlar üçin ýörite menýu, şeýle hem owadan we rahat mebeller bilen enjamlaşdyrylan oýun meýdançasy, ähli ýaşdaky çagalar üçin döredilen dürli gyzykly oýunjaklar we attraksionlar göz öňünde tutulandyr. Bu ýerde çaga konstruktor oýunjaklaryny düzmek, surat çekmek, oýun awtomatlaryny oýnamak we beýleki özüne çekiji güýmenjeler bilen meşgul bolup biler. Munuň üçin hiňňildikler, karuseller, oýunjak awtoulaglar, dyrmyşmak üçin öýjagazlar we beýlekiler göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem restoranda kiçijik oýunjak dükany hem-de süýjülikler we içgiler satylýan naharhana hereket edýär. Çagalar üçin dürli dabaralary guramak barada hem aýratyn durup geçmek gerek. Şol maksat bilen, «Soltan Loft» restoranynda ýörite meýilnama işenilip düzülendir; çagalary gyzykly çärelere, tanslara ýa-da gyzykly oýunlara gyzyklandyrmak üçin professional animatorlar işe alynýar. Restoranyň ýolbaşçylarynyň belleýşi ýaly, «jemgyýetçilik iýmiti we dynç alyş pudagyna degişli merkezleriň köpüsiniň hyzmatlary orta ýaşly – öýlenen/durmuşa çykan, çagalary bolan adamlara gönükdirilýär. Belki-de, olar çagasyny kim bilen galdyrmalydygyny bilmeýändikleri sebäpli restoranlara ýygy-ýygydan baryp bilmeýärler. Ýaşajyk myhmanlar üçin rahat gurşaw döretmek bilen, biz maşgala jübütlerine çagalary hakynda alada etmezden, restoranymyzda gijä çenli oturmak, dostlary bilen duşuşmak, ýakymly günortanlyk we agşamlyk naharyny edinmek mümkinçiligini üpjün edýäris. Şol bir wagtyň özünde, «Soltan Loft» çagalar üçin guralýan her bir dabarany ýa-da olaryň ene-atasy bilen restorana gelmegini aýratyn bir çärä öwürmek üçin, şeýle hem her gezek bolşy ýaly, çagalaryň indiki gezek ejesini we kakasyny restoranymyza özüniň getirmegini gazanmak üçin elinden gelenini edýär». Ýatlatsak, «Soltan Loft» restorany şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat, G.Kuliýew (Obýezdnaýa) köç., 72, «Soltan» binasy. Habarlaşmak we ýerleri bronlamak üçin telefonlar: (+993 65) 72 61 62, (+993 12) 75 48 44, (+993 12) 75 49 44, (+993 64) 69 44 44, (+993 12) 75 35 55, (+993 12) 75 36 66.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir