Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary neýroulgamlara adamlar tarapyndan döredilen tekstleriň mazmunyndaky sarkazm hem-de ýaňsylama äheňli sözlere düşünmäni öwretdiler diýip, «Computer Science» žurnalyna salgylanýan «gazeta.ru» ýazýar. Häzirki wagtda tekstleri gaýtadan işläp we olaryň esasy duýgy äheňini çaklap bilýän birnäçe dil modelleri bar. Şeýle-de bolsa, internetde ýerleşdirilýän tekstleriň köpüsinde neýroulgamlaryň olara dogry düşünmegini kynlaşdyryp biljek sarkazm we ýaňsylama äheňli sözler hem agdyklyk edýär. Alymlar indi Emeli aňyň aýdylýan sözlemleriň asyl manysyna düşünmegine ýardam edýän täze funksiýalary we algoritmleri işläp düzdüler. Olar öz işläp taýýarlamalaryny «RoBERTa» we «CASCADE» ýaly iki dil modeli boýunça synagdan geçirip, «Reddit» onlaýn forumyndaky teswirleri seljermek üçin ulandylar. Netijeler neýroulgamlaryň sarkazm we ýaňsylama äheňli sözleri orta derejeli internet ulanyjysy ýaly tanamagy öwrenendigini görkezdi. Neýroulgamlaryň maglumatlaryň kontekstine düşünmek ukybyny ýokarlandyrmak onlaýn-kontentleri seljermek üçin täze gurallaryň döredilmegine sebäp bolup biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir