AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda «Ahaldan» utulan «Al-Feýha» (Saud Arabystany) 1/8 finalda Kriştianu Ronaldunyň we onuň topardaşlarynyň garşydaşy boldy. Ýaryşyň indiki tapgyrynyň bijeleri AFK-nyň Kuala-Lumpur şäherindäki ştab-kwartirasynda çekildi. «Ahalyň» başga bir topardaşy ― BAE-niň «Al-Aýn» topary bolsa ýene-de özbek topary bilen duşuşdy. Toparçalaýyn tapgyrda «Pahtakory» ýaryşdan çykaran «Al-Aýn» bu gezek «Nasafyň» garşydaşy boldy. Ýaryşyň indiki tapgyryna Saud Arabystanyndan dört, Koreýa Respublikasy bilen Ýaponiýadan üç, Özbegistandan iki, BAE, Eýran we Hytaýdan bir topar gatnaşar. Umuman, bije çekişligiň netijeleri aşakdaky ýaly:

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir