Fortnite oýnuny dörediji Epic Games kompaniýasy monopoliýa garşy kazyýet işinde Google kompaniýasyny ýeňdi we muny resmi web sahypasynda yglan etdi. Kazyýet ähli aýyplamalarda arzaçyny goldady. Epic Games Google-y bäsdeşleri basyp ýatyrmakda we programma işläp düzüjilerden 30% -e çenli esassyz ýokary töleg tölemekde günäkärledi. Arza berijiniň talaplarynyň arasynda Google-yň Play dükany bilen töleg hyzmatyny baglanyşdyryp, şeýlelik bilen işläp düzüjileri dükana girmek üçin iki hyzmaty hem ulanmaga mejbur edýändigi aýdylýar diýip, Reuters düşündirýär. “Bu günki karar dünýädäki ähli programma işläp düzüjiler we sarp edijiler üçin ýeňiş. Bu Google-yň programma dükanyndaky amallarynyň bikanundygyny subut edýär. Google-yň alternatiw programma dükanlaryny basyp almak üçin milliardlarça dollar tölemäge taýýardygyny görkezýän subutnamalary gördük "-diýip, Epic-iň beýanatynda aýdylýar. Reuters-iň berýän maglumatlaryna görä, Google özüniň hukuk bozmalaryny ret edýär we Apple App Store dükany bilen "baha, hil we howpsuzlyk babatynda güýçli bäsleşýändigini" nygtaýar. Kompaniýa şikaýat etmäge taýýarlanýar, agentlik Google-yň hökümet we jemgyýetçilik syýasaty boýunça wise-prezidenti Wilson Waýtyň sözlerine getirýär: “Biz Android biznes modelini goramagy dowam etdireris we ulanyjylarymyza, hyzmatdaşlarymyza we tutuş Android ekoulgamyna çuňňur wepaly bolarys". Google-yň aklawçysy Jonatan Krawis kazyýetde "Google her ýyl Apple sebäpli 60 million Android ulanyjysyny ýitirmek islemeýändigini" mälim etdi.