Hindistanly milliarder Adar Punawalla Londondaky iň gymmat aýratyn jaýy satyn aldy. Bu barada Financial Times gazetine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Gaýd Parkynyň golaýyndaky Meýfer sebitinde ýerleşýän, satyn alnan “Aberkonueý Haus” jaýynyň bahasy, takmynan, 138 mln funt sterlinge barabar. Umumy meýdany 2,3 müň inedördül metr bolan bu jaý geçen asyryň 20-nji ýyllarynda guruldy. “Sanjym şazadasy” diýen ady alan Punawalla 2011-nji ýylda dünýäde iň uly sanjym öndürijisi bolan Hindistanyň gan syworotkasy institutynyň ýolbaşçysy boldy. Oxford-AstraZeneca sanjymlarynyň millionlarça dozasy hut şol ýerde taýýarlandy. Iki ýyl mundan ozal Punawalla Oksford uniwersiteti tarapyndan öz kompaniýasynyň gözleg binasyny gurmak üçin 50 mln funt sterling berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir