Dünýäde şokolad önümçiligi we üpjünçiligi bilen ýurtlaryň ençemesi meşgullanýar. Ýöne şu aşakda, ferra.ru saýtynyň pikiri boýunça, bu ugurda iň öňdebaryjy on ýurt görkezilýär: ABŞ. Bu ýerde iň meşhur brendler Hershey, Mars ýaly brendler bolup, ähli şokoladlar ýokary hilli çig maldan öndürilýär. Germaniýa. Bu Ýewropada iň uly şokolad öndürijileriň biridir. Hut şu ýerde Ritter Sport, Schogetten, Halloren ýaly brendleriň fabrikalary bar. Belgiýa. Bu ýurt Neuhaus, Godiva, Leonidas ýaly markalaryň watany hasaplanýar. Ýurtda jemi 12 fabrika bolup, olar ýylda, takmynan, 170 müň tonna şokolad öndürýärler. Fransiýa. Bu ýurduň Michel Cluizel, Maison du Chocolat, Valrhona ýaly brendleri dünýäde meşhurlyk gazandy. Şweýsariýa. Bu ýurtda Teuscher, Cailler, Lindt ýaly kompaniýalar şokolad öndürýär. Her ýyl Şweýsariýanyň ilaty 11,6 kg töweregi şokolad iýýär. Italiýa. Bu ýerde Perugina, Ferrero Rocher, Venchi brendleriniň şokoladlary öndürilýär. Ýaponiýa. Onda özboluşly tagamly şokoladlar öndürilýär. Iň meşhur ýapon brendleriniň biri-de Morinaga brendidir. Russiýa. Bu ýurtda “Babaýewskiý”, “Alýonka” konsernleri şokolad öndürýär. Iň meşhur fabrika bolsa “Krasnyý Oktýabrdyr”. Kanada. Bu ýurduň iň meşhur brendleriniň biri - Peace by Chocolate. Beýik Britaniýa. Ol Cadbur ýaly brendi bilen bellidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir