Hytaýyň Huawei korporasiýasy Ýewropadaky kynçylyklara garamazdan, Fransiýada zawod gurar. Bu barada Reuters agentligine salgylanyp, lenta.ru habar berýär. Insaýderleriň maglumatlaryna görä, Huawei Fransiýada zawodyň gurluşygyna 2024-nji ýylda başlar. Çeşme IT ägirdiniň gurluşyga 2020-nji ýylda başlamagy meýilleşdirendigini we hatda 200 mln ýewro möçberde maýa goýum belländigini, ýöne COVID-19 pandemiýasy sebäpli meýilnamalary üýtgetmeli bolandygyny habar berýär. Ýatlap geçsek, Huawei ABŞ-nyň sanksiýalary we ol ýa-da beýleki bir görnüşde ÝB-niň ýurtlarynyň oňa goşulmagy sebäpli kynçylyklara duçar boldy. Fransuz häkimiýetleri ýerli operatorlara Huawei-den tor aragatnaşygy üçin enjamlary ulanmagy gadagan etdiler, ýöne 2022-nji ýylda kompaniýanyň ygtyýarnamasyny uzaltmak kararyna geldiler. Çeşmeler Hytaýyň Ýewropa Bileleşiginden we ABŞ-dan soň Fransiýanyň üçünji uly söwda hyzmatdaşydygyny belleýärler. Fransiýada desganyň 2025-nji ýylda açylmagyna garaşylýar. Zawod Strasburgyň golaýyndaky Brýumat kommunasynda ýerleşer. Zawod ykjam aragatnaşyk torlary üçin enjamlary öndürer.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir