Huawei kompaniýasy özboluşly FreeClip nauşniklerini hödürlemek bilen bir hatarda MatePad Pro 13.2 planşetini dünýä bazaryna çykardy. Bu barada ixbt.com habar berýär. Ýatladyp geçsek, bu planşet sentýabr aýynda hödürlendi. Onuň aýratynlygy, gurluşyň dünýädäki iň inçe we iň ýeňil uly planşet hökmünde belli bolmagydyr. 13,2 dýuým diagonally ekran bilen onuň agramy bary-ýogy 580 g barabar, korpusyň galyňlygy bolsa 5,5 mm. Planşet Mate 60 hatarynda gurnalan SoC Kirin 9000S çipsetine esaslanýar. Mundan başga-da, planşet 2880 x 1920 piksel durulykly we 144 Gs täzelenme ýygylykly OLED displeýi, 10 100 mAs sygymly akkumulýator, 88 Wt zarýad beriş, 12 ýa-da 16 GB operatiw ýat we 1 Tb çenli ýygnaýjy bilen üpjün edildi. Hytaýda enjamyň bahasy 710 dollardan başlaýar, Ýewropada gurluş 1000 ýewro durýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir