Programma üpjünçiligini we wideo oýunlary öndürijileriň amerikan assosiasiýasy (ESA) 1995-nji ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda her ýyl geçirilen oýun pudagynda dünýädäki iň uly sergi Electronic Entertainment Expo-nyň (E3) gutarnykly ýapylandygyny yglan etdi. Bu baradaky habar serginiň resmi saýtynda peýda boldy diýip, gazeta.ru habar berýär. “Her biri öňküsinden uly bolan E3-üň ýigrimi ýyldan gowrak wagt hereketinden soň, hoşlaşmagyň wagty geldi” – diýlip, habarda aýdylýar. Habar GGWP (Good game, Well played, “Gowy oýun, örän gowy oýnadyk”) gysgaltmasy – geýmerleriň, adatça, gyzykly oýun ýa-da sessiýa üçin birek-birege minnetdarlyk bildirmekde ulanýan jümlesi bilen tamamlanýar. ESA-nyň prezidenti we baş müdiri Stenli Pýer-Luiniň aýtmagyna görä, bäsdeş çäreleriň ýüze çykmagy, hyzmatdaşlaryň gitmegi we COVID-19 pandemiýasy döwründe auditoriýanyň endikleriniň üýtgemegi sebäpli gurama E3-i gutarnykly ýapmak kararyna geldi. Stenli Pýer-Lui E3-üň ýapylmagynyň wideo oýunlary pudagynyň indi dürli ugur bilen hereket edýändigini aňladýandygyny we bu ýerde uly kompaniýalaryň öz hususy çärelerini we meýdançalaryny döretmäge hem-de täze usullar bilen auditoriýany özüne çekmäge mümkinçilik alýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir