Tesla adamlara kömek etmek üçin dürli wezipeleri ýerine ýetirip biljek gumanid robotynyň indiki nesli bolan Optimus Gen 2-ni hödürledi. Tesla adam zähmetiniň ornuny tutup, köp taraply bolup biljek gumanoid robot döretmek isleýär, ýöne köpler munuň gysga möhletde amala aşyryp boljakdygyna şübhelenýärler. Tesla pilotsyz awtoulag programmasynda emeli aň mümkinçiliklerini hem-de akkumulýatorlarynda we elektrik hereketlendirijilerinde toplanan tejribesini ulanmak arkaly mümkindir diýip hasaplaýar. Kompaniýa awtoulaglarynyň eýýäm tigirli robotlardygyny öňe sürdi. Indi edilmeli iş, käbir meselelerde adamlary çalşyp biler ýaly, olara gumanoid görnüşini bermek. Tesla ozal Optimus-yň nerw ulgamlaryny ulanyp, hemmetaraplaýyn tälim alýandygyny we obýektleri özbaşdak tertiplemek ýaly täze wezipeleri ýerine ýetirip biljekdigini aýdypdy. Robotyň täze wersiýasy indi Tesla tarapyndan işlenip düzülen ähli hereketlendirijiler we datçikler bilen enjamlaşdyryldy. Kompaniýa täze wersiýanyň indi 30% has çalt ýöräp biljekdigini öňe sürdi. Şeýle hem kompaniýa, balansy gowulaşdyrmak bilen 10 kg agramyň azalandygyny mälim edýär. Wideo görkezilişinde Optimus Gen 2-niň deňagramlylygyny saklap, çommalýandygy görünýär. Gumanoid robotyň iň kyn böleklerinden biri gollardyr. Olar esli ýüki götermek üçin ýeterlik derejede güýçli bolmaly, şol bir wagtyň özünde näzik zatlary galdyrmak, tutmak, ýerinde goýmak üçin ýeterlik takyk bolmaly. Kompaniýa ýakyn wagtda roboty öz önümçilik amallarynda ulanyp başlamagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Robotyň peýdalydygyny subut edensoň, Tesla ony satyp başlamagy meýilleşdirýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir