Honda Motor ýangyç nasosynyň näsazlygy bilen bagly töwekgelçilik sebäpli, dünýäde takmynan 4,5 million ulagyny yzyna çagyrýar diýip, Reuters habar berýär. Yza çagyryş ABŞ-da 2,54 million ulagy öz içine alýar we awtoulag öndürijisi ozal 2021-nji ýylda ABŞ-da 628 000 ulagy we 2020-nji ýylda 136 000 ulagy yzyna çagyrypdy. Şu aýyň başynda Honda şol bir mesele bilen bagly Hytaýda we Ýaponiýada hem yzyna çagyryş yglan edipdi. Honda-nyň söwda dellallary ýangyç nasosynyň modulyny çalşarlar diýip, awtoulag öndürijisi Milli awtoulag ýollarynyň hereket howpsuzlygy dolandyryş gullugyna (NHTSA) beren beýanynda aýtdy. Honda fewral aýynyň başynda yzyna çagyryş barada awtoulag eýelerine habar bermegi meýilleşdirýär. Honda şikes ýetmeler barada hiç hili maglumat gelmändigi, ýöne 2018-nji ýyldan bäri bu mesele babatda 4042 kepillik talaplarynyň bardygyny aýtdy. Yza çagyryşda 2018-2020-nji model ýylyna degişli Honda Accord, Civic, CR-V, HR-V, Insight, Ridgeline, Odyssey, Passport we ILX, MDX, RDX, RLX, TLX we NSX ýaly dürli modeller bar. Bu habar, Honda takmynan 106 030 töweregi CR-V gibrid ulagy, aşa gyzýan batareýa kabeli ýa-da gysga utgaşma sebäpli ýüze çykan heläkçilik bilen bagly, ýangyn ýa-da şikes ýetmek töwekgelçiliginiň bardygy sebäpli çagyryş edenden bir gün soň mälim edildi.