«Capcom» ýapon wideo oýun kompaniýasy «Apple» korporasiýasynyň «iPhone» smartfonlarynda we «iPad» planşetlerinde meşhur gorkuly söweş oýny «Resident Evil 4-iň» täzelenen nusgasynyň çykaryljakdygyny habar berdi. Bu barada maglumat «Capcom-yň» resmi web sahypasynda peýda boldy. 2005-nji ýylda çykan asyl oýun bilen deňeşdirilende, täzelenen nusga häzirki zaman grafikasyny, täze gahrymanlary, çeşmelerden ýarag ýasamak ýaly täzelenen oýun elementlerini öz içine alar. «Resident Evil 4 Remake» oýny «iPhone 15 Pro-da» oýnalyp bilner. Oýun M1 prosessory ýa-da has täze çipset bilen enjamlaşdyrylan beýleki «Apple» enjamlarynda hem elýeterli bolar. «Resident Evil 4-iň» täzelenen nusgasy 2023-nji ýylyň mart aýynda «PlayStation», «Xbox» platformalary we şahsy kompýuterler üçin çykdy. Täze nusga tankytçylar hem-de oýun bileleşigi tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy we «Metacritic» halkara reýting platformasyndaky iň oňat wideo oýunlarynyň sanawynda mümkin bolan 100 utukdan 93-sini gazanyp, ýedinji orny eýeledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir