Internetde «Samsung» kompaniýasynyň «Galaxy S24» seriýasyna degişli yglan edilmedik flagman smartfonlarynyň ähli aýratynlyklaryny görkezýän resmi prezentasiýasy peýda boldy. Şeýlelik bilen, «Galaxy S24» FHD+ durulygy we 2600 nite çenli ýagtylygy bolan 6,2 dýuýmlyk AMOLED ekran bilen üpjün ediler. «Galaxy S24+» bolsa QHD+ durulygy we şol derejedäki ýagtylygy bolan 6,7 dýuýmlyk AMOLED matrisa eýe bolar. «Galaxy S24 Ultra-nyň» ekrany «Galaxy S24+-yň » ekranyndan diňe diagonaly boýunça tapawutlanýar: 6,7 dýuým däl-de 6,8 dýuým. «Galaxy S24» we «Galaxy S24+» 50 megapiksellik esasy kamera, «Galaxy S24 Ultra» bolsa 200 megapiksellik esasy kamera bilen enjamlaşdyrylar. Üç smartfonyň hemmesi 8K durulykda wideo ýazgyny goldaýar. «Galaxy S24» we «Galaxy S24+» optiki ýakynlaşdyrmagyň 2x we 3x basgançagy bolan telefotokamera bilen üpjün ediler. Iň ýokary sanly zum 30x bolar. «Galaxy S24 Ultra» smartfonynda bolsa optiki ýakynlaşdyrmagyň dört basgançagy bolar: 2x, 3x, 5x we 10x. Iň ýokary sanly zum – 100x. «Galaxy S24», «Galaxy S24+» we «Galaxy S24 Ultra», degişlilikde, 8 GB, 12 GB we 12 GB operatiw ýada eýe bolarlar. «Galaxy S24» 128 GB-dan 256 GB-a çenli, «Galaxy S24+» we «Galaxy S24 Ultra» 256 GB-dan 512 GB-a çenli goşmaça ýat bilen üpjün ediler. Üç smartfon hem «Snapdragon 8 Gen 3» prosessory bilen işlär. «Galaxy S24», «Galaxy S24+» we «Galaxy S24 Ultra» smartfonlarynyň akkumulýatorlarynyň sygymy, degişlilikde, 4000 mA/s, 4900 mA/s we 5000 mA/s bolar. «Galaxy S24» 30 minutda 0-dan 50%-e çenli, «Galaxy S24+» we «Galaxy S24 Ultra» bolsa 30 minutda 0-dan 65% -e çenli çalt zarýad alar. Üç smartfonyň hemmesi IP68 standartyna laýyklykda, çyglylykdan we tozandan gorag ulgamyna eýedir. Öz gezeginde, diňe «Galaxy S24 Ultra» titan çarçuwa eýe bolar. «Galaxy S24» we «Galaxy S24+» güýçlendirilen alýuminiýden öndüriler. «Galaxy S24» neslini 2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda tanyşdyrmak meýilleşdirilýär. Enjamlaryň bahalary şol gün aýan ediler.