Ýurdumyzyň “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançany bezeýän Baş arça GDA ýurtlarynyň Täze ýyl nyşanlarynyň arasynda iň beýik arça boldy. Bu barada ORIENT habar berýär. Baş arçanyň beýikligi 44 metre barabar. Reýtinginiň ikinji ornuny Ýerewanyň arçasy eýeledi (37 metr), liderleriň üçlügini Özbegistanyň paýtagtynda ýerleşdirilen Baş arça jemledi (35 metr). Sanawyň yzyny Bakuwyň arçasy (34 m), Bişkegiň (32 metr), Duşanbeniň (30 m), Minskiň (28 m), Astananyň (25 m), Moskwanyň (25 m) we Kişinýowyň arçasy (20 m) dowam edýär. Ýeri gelende bellesek, bu Türkmenistanyň Täze ýyl arçasynyň ilkinji rekordy däl. Ýurduň baýramçylyk nyşany GDA-da iň beýik arça adyny eýýäm 5 ýyldan gowrak wagt bäri saklaýar, onuň beýikligi bolsa ýyl-ýyldan artýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir