3-nji ýanwara geçilýän gije 2024-nji ýylyň ilkinji ýyldyz süýnme (meteor akymy) hadysasynyň bolmagyna garaşylýar. Bu hadysa Kwadrantidler hökmünde bellidir. Astronomlar bir sagadyň dowamynda 120-ä golaý meteory görüp boljakdygyny çaklaýarlar. Bu barada Moskwa planetariýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär. Ýyldyzlaryň süýnmesini 28-nji dekabrdan 12-nji ýanwara çenli aralykda görmek bolar. Meteorlaryň uçuş ýeri Wolopas ýyldyzlar toplumyndaky Uly Ýedigeniň susagynyň tutawajynda ýerleşýär. Astronomlar, Halkara meteor guramasynyň çaklamalaryna görä, işjeňligiň ýokary bolan gijesi sagatda 120 meteor görüp boljakdygyny belleýärler, bu bolsa açyk asmanda minutda, takmynan, 1-2 meteora barabardyr. Ýyldyzlaryň süýnmesini synlamak üçin iň amatly wagt gijäniň ikinji ýarymy hasaplanýar, şol wagt akymyň çeşmesi demirgazyk-gündogar gözýetimden has belentde bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir