BMG-niň Baş Assambleýasy guramanyň geljek ýyl üçin býujetini 3,59 mlrd dollar möçberinde kesgitledi. Bu barada BMG-niň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär. “Baş Assambleýa Birleşen Milletler Guramasy üçin 2024-nji ýyla býujeti 3,59 mlrd dollar möçberinde tassyklady” – diýlip, beýanda aýdylýar. Oktýabr aýynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bütindünýä guramasynyň geljek ýyl üçin 3,3 mlrd dollar möçberindäki býujetini Baş Assambleýanyň Bäşinji komitetine hödürledi. 2023-nji ýylda býujetiň möçberi 3,4 mlrd dollar, 2022-nji ýylda 3,1 mlrd dollar boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir