Ineos himiýa ägirdiniň eýesi britaniýaly milliarder Jim Retkliff Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” futbol klubunyň paýnamalarynyň 25%-ini satyn aldy. Bu barada klubuň saýtynda habar berilýär diýip, kommersant.ru belleýär. B klasyň paýnamalarynyň 25%-ini Jim Retkliffiň Trawlers Limited kompaniýasy satyn aldy. Mundan başga-da, kompaniýa A klasyň 25%-ine çenli paýnamasyny satyn almak barada ylalaşdy. Şertnamanyň bahasy 1,2 mlrd funt sterling ($1,52 mlrd) boldy. Şeýle-de, işewür “Old Trafford” stadionynyň infrastrukturasyna 300 mln dollar maýa goýar. Bu mukdardan 200 mln dollar şertnama ýapylandan soň, ýene 100 mln dollar 2024-nji ýylyň ahyryna çenli tölener. “Mançester Ýunaýtediň” futbol işini dolandyrmak hukugyny Ineos alar. Öň, “Mançester Ýunaýtediň” paýnamalarynyň ýeke-täk eýesi 2005-nji ýylda kluby 1,34 mlrd dollara satyn alan Gleýzer maşgalasyna degişlidi. Milliarder Malkolm Gleýzer 2014-nji ýylda 85 ýaşynda aradan çykdy, şondan soň klub onuň ogullarynyň eline geçdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir