Argentinanyň hökümeti ýurduň ýaşaýjylaryna we kompaniýalara töleg hökmünde kriptowalýuta bilen şertnama baglaşmaga rugsat berdi. Bu barada Respublikanyň daşary işler ministri Diana Mondino «X» sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi. Onuň belleýşi ýaly, bu çäre döwlet ýolbaşçylarynyň täze özgertmeleri bilen baglanyşyklydyr. Şol bir wagtyň özünde, diňe bir kriptowalýuta bilen däl, eýsem, önümleriň käbir görnüşleri bilen hem şertnama baglaşmak mümkin bolar. «Argentinada Bitcoin, beýleki kriptowalýutalarda, etiň kilogramlarynda we süýt litrlerinde şertnamalar baglaşyp boljakdygyny tassyklaýarys» diýip, Daşary işler edarasynyň ýolbaşçysy düşündirdi. Şol bir wagtyň özünde, Mondino ýurduň Prezidentiniň şertnamalar boýunça bergileri üzmek baradaky degişli permanyndan bölekleri paýlaşdy. Resminamanyň ýazgysyna görä, bergidarlar Respublikada ulanylyşynyň kanunydygyna ýa-da däldigine garamazdan, şertnamada görkezilen walýutada serişdeleri üpjün etmeli bolarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir