Dragon Oil kompaniýasy Aşgabatda täze edara binasyny açdy. Dabara kompaniýanyň ýerine ýetiriji müdiri Ali Raşid Al Jarwan we “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow gatnaşdy. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň sosial ulgamlaryndaky habaryna salgylanyp, ORIENT belleýär. Türkmenistan bilen Dragon Oil kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk özara bähbitli uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mysaly bolup hyzmat edýär. Kompaniýa Türkmenistanda öz işini 2000-nji ýyldan bäri Önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygyň esasynda alyp barýar. Onuň Türkmenistandaky işiniň esasy ugry “Jeýtun” we “Jygalybeg” nebit ýataklaryny özleşdirmek arkaly Hazar deňzindäki “Çeleken” şertnamalaýyn çäginde uglewodorod gazyp almakdyr. Kompaniýa taslama 8 mlrd ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýdy. Ýokary iş görkezijileriniň we üstünlikli hyzmatdaşlygyň netijesinde “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd. kompaniýasynyň arasynda Önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygy 2035-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli uzaltmak barada şertnama gol çekildi. Dragon Oil uglewodorodlaryň ekologiýa taýdan howpsuz önümçiligine ünsi jemlemek bilen, Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy adyny ýyl-ýyldan tassyklaýar. Ali Raşid Al Jarwan COP 28 konferensiýasynda Türkmenistandaky Dragon Oil-iň 2027-nji ýyla çenli öz önümçilik meýdançalarynda gazyň ýakylmagyny doly bes etjekdigini aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir