Täze ýylyň öňüsyrasynda Xiaomi ýene bir tanyşdyrylyş dabarasyny geçirer we Xiaomi EV elektromobilleri üçin firma platformasy barada gürrüň berer. Report agentliginiň habar bermegine görä, bu barada kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szýuna salgylanyp, Gizmochina neşiri ýazýar. Szýun dabaranyň “Stride” diýlip atlandyrylandygyny we onuň 2023-nji ýylyň 28-nji dekabrynda geçiriljekdigini belledi. Xiaomi awtomobiller üçin firma elektrik hereketlendirijileri, hususy awtodolandyryş ulgamynyň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berer hem-de kompaniýanyň ilkinji elektromobili SU7-niň çykjak senesini we bahasyny mälim eder. Xiaomi elektromobiliniň üstünde birnäçe ýyl işledi. Onuň işine müňlerçe inžener gatnaşdy, taslama üçin maýa goýumlar bolsa 1,4 mlrd dollardan geçdi. Kompaniýa öz önümi bilen bazarda uly paýa eýe bolmagy we liderlik ugrunda Tesla bilen bäsleşmegi meýilleşdirýär. Xiaomi elektromobiliniň üç görnüşde çykmagyna garaşylýar: SU7, SU7 Pro we SU7 Max. Gürrüňlere görä, awtomobilleriň göwrümi 4997/1963/1455 mm, teker bazasy 3000 mm barabar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir