Aeronawtika we kosmos giňişligini öwreniş milli müdirligi (NASA) 27-nji dekabrda Ýeri G1 klasly geomagnit hadysasynyň gurşap aljakdygy barada duýduryş berdi. Bu barada News9Live habar berýär. Muňa ýaňy-ýakynda Günüň üstünde bolup geçen M klasly birnäçe alawlamalar sebäp bolar. Magnit hadysasynyň planetamyza 27-nji dekabrda giç agşam täsirini ýetirmegine garaşylýar. Kosmiki hadysa polýar ýalkymynyň döremegine sebäp bolup biler. G1 klasly geomagnit tupanlary elektrik ulgamynyň we emeli hemralaryň işinde ownuk bökdençlikleri döredip biler, şeýle hem telefonlaryň işleýşine täsirini ýetirmegi mümkin. Astronawtlar we awiakompaniýalaryň ekipažlary üçin goşmaça töwekgelçilikler ýüze çykyp biler. Göçüp barýan guşlar geomagnit tupanynyň täsiri astynda nawigasiýalarynyň azajyk ýoýulýandygyny duýup bilerler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir