Ýaponiýaly Naoýa Nioue ikinji iň ýeňil agram derejesinde boks boýunça dünýäniň absolýut çempiony diýen ada mynasyp boldy. Sişenbe güni ol 10-njy raundda filippinli Marlon Tapalesi nokaut bilen ýeňdi. Tutluşyk Tokioda geçirildi. Netijede, Nioue garşydaşynyň IBF we WBA boýunça çempionlyk guşaklarynyň eýesi boldy. Şeýle hem Ýaponiýanyň wekili WBC we WBO boýunça çempionlyk derejelerini gorady. Professional ringde 30 ýaşly Nioue asla ýeňilmedik boksçy, ol 26 tutluşygynyň hemmesinde ýeňiş gazandy, şolaryň 23-sini nokaut bilen gazandy. 31 ýaşly Tapales dördünji gezek ýeňlişe sezewar boldy, şeýle hem onuň 37 ýeňşi bar (19-sy nokaut bilen).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir