Özbegistan we Gyrgyzystan 2024-nji ýyldan başlap 12 awtomobil modeliniň bilelikdäki önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada Gyrgyzystan Respublikasynyň Ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýew aýtdy. Muny GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugyna salgylanyp, Trend ýetirýär. Ol häzirki wagtda “UzAwtoSanoat” kompaniýasy bilen bilelikdäki taslama bolan “Altyn-Tulpar” ady bilen awtoulag gurnama zawodyny ulanylyşa girizmäge taýýarlyk görülýändigini belledi. Maglumatlara görä, zawodyň gurluşyk we kadalaýyş işlerini tamamlap, geljek ýyl işläp başlamagyna garaşylýar. Taslama Özbek-Gyrgyz ösüş gaznasy arkaly maliýeleşdirilýär. Gyrgyzystanda awtomobilleriň we täjirçilik enjamlarynyň önümçiligini ýola goýmak boýunça hyzmatdaşlyk baradaky şertnama ýanwar aýynda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Gyrgyzystana döwlet saparynyň çäklerinde gol çekildi. Taslamany 30 müň awtomobil we täjirçilik enjamlaryny öndürmek meýilnamasy bilen üç tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir