Apple korporasiýasy ABŞ-nyň çäginde täze nesil akylly sagatlarynyň satuwyny düýbünden bes etdi. ABŞ-nyň Halkara söwda boýunça komissiýasynyň (USITC) dekabr aýynyň ortalarynda mälim eden gadaganlygyndan soň, «Apple» sagatlary satuwdan aýryldy. 21-nji dekabrda «Apple Watch Series 9» we «Apple Watch Ultra 2» kompaniýanyň web sahypasyndan, 26-njy dekabrda bolsa ABŞ-daky dükanlardan ýitdi. USITC-iň kararyna görä, korporasiýa ganyň kislorod bilen doýgunlyk derejesini kesgitlemek üçin datçik döredeninde beýlekileriň patentlerini ulandy. Bu aýratynlyk brendiň güýzde çykan sagatlarynda girizildi. «Apple» onlaýn dükanynyň sahypalarynda täze sagadyň satyn almak üçin wagtlaýynça elýeterli däldigi bellenilýär. Kompaniýa «Apple Watch 9-yň» ýerine kompaniýanyň gandaky kislorodyň derejesini kesgitlemek aýratynlygy bolmadyk «Apple Watch SE» sagadyny işjeň mahabatlandyryp başlady. Çeşmelerde IT ägirdiniň akylly sagatlary satuwa çykarmak üçin elinden gelenini edýändigi aýdylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir