Ispaniýanyň La Ligasynyň ýolbaşçylary gyşky transfer penjiresinde maliýe feýr-pleýine bolan talaplaryny «ýumşatdy» diýip, Catalunya Radio habar berýär. Çeşmäniň habaryna görä, Ispaniýanyň aýlyk haky limitden geçýän toparlary öň öz klub býujetiniň 50%-inden artygyny ulanyp bilenokdylar. Indi bolsa toparlar 60%-den artygyny ulanyp bilmezler. Şol bir wagtda, La Liganyň kluby ýyldyz oýunçysyna gol çekse, onda çäk 70%-e çenli galar. Häzirki wagtda Ispaniýanyň çempionatynda geçirilen 18 oýundan soň çempionlygyň lideri 45 utuk bilen Madridiň «Realydyr». «Žirona» edil şonuň ýaly utuk bilen ikinji ýerde durýar. Olara eýerýän iň golaý toparlar «Barselona» we Madridiň «Atletikosydyr» (iki toparyň hem 38 utugy bar).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir