Meatcritic web sahypasynyň redaktorlary tankytçylaryň pikiri boýunça 2023-nji ýylyň iň erbet filmleriniň anti-reýtingini düzdüler. Ýygynda diňe tomaşaçylardan azyndan dört syn alan filmleriň düşendigini bellemelidiris. Birinji ýer “Winni-Puh: Gan we bal” atly gorkunç filmiň paýyna düşdi. Şeýle hem ýygynda Zak Snaýderden “Gozgalaňçy Aý”, “Durzup bolmaýanlar 4” söweşjeň filmi we ekranlaşdyrylan “Freddi bilen geçirilen bäş gije” girdi. Metacritic-iň tankytçylarynyň pikirine görä, 2023-nji ýylyň iň erbet 15 filmi: "Winni-Puh: Gan we bal" - 100-den 16 bal. “Bir ganatda” - 100-den 19 bal. “Ölümden soň” - 100-den 22 bal. "Mekgejöweniň çagalary" - 100-den 22 bal. “Ştatdan daşary janpena” - 100-den 24 bal. “Gadyrly Dawid” - 100-den 25 bal. “Assassinler kluby” - 100-den 27 bal. “Samsyk üçin jennet” - 100-den 27 bal. "Gyz ýygyn: Soýha-soýluk gijesi" - 100-den 30 bal. "Saklap bolmazaklar 4" - 100-den 30 bal. "Öý haýwanlarynyň gonamçylygy: Ganybirlik " - 100-den 31 bal. "Gozgalaňçy Aý, 1-nji bölüm: Ot çagasy" - 100-den 31 bal. “Ol - gülle” - 100-den 31 bal. “Ýene söý” - 100-den 32 bal. "Freddi bilen geçirilen bäş gije" - 100-den 33 bal.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir