Şu gün, 27-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Halkara ylmy-amaly maslahat we köpugurly sergi açyldy. Forumyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy, Halk Maslahatyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, talyp ýaşlar we beýlekiler gatnaşdylar. Bu möhüm çärä gatnaşmaga çagyrylan myhmanlaryň hatarynda goňşy we alysdaky birnäçe döwletleriň – Azerbaýjanyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Fransiýanyň, halkara guramalaryň – ÝHHG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, şeýle hem Halkara kuraş assosiasiýasynyň we Halkara küşt federasiýasynyň wekilleri bar. Ýygnananlar Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik we üns bilen diňlediler. Onda gazanýan ähli üstünliklerimize şöhratly geçmişimize, häzirki bagtyýar durmuşymyza we nurana geljegimize buýsanýan, eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyna öwrülen ýaşlarymyzyň goşandynyň örän uludygy nygtalýar. «Her bir güni uly üstünlikler, milli we halkara ähmiýetli wakalar bilen şöhratlandyrylan 2023-nji ýylda hem bagtyýar ýaşlarymyz ýurdumyzyň depginli ösüşine, öňe gitmegine gönükdirilen maksatlarymyzyň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşantlaryny goşdular» diýip, öz hatynda buýsanç bilen belleýän döwlet Baştutanymyz ýaş türkmenistanlylaryň geljekde-de döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkara at-abraýynyň has-da belende galmagynyň bähbidine döredijilikli, ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine berk ynam bildirdi. Häzirki döwürde ýaş nesiller özleriniň bilimlerini we zehinlerini dürli ders olimpiadalarynda, döredijilik bäsleşiklerinde, sungat festiwallarynda we sport ýaryşlarynda görkezýärler, döwlet we hususy düzümlerde üstünlikli zähmet çekip, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösdürilmegine işjeň gatnaşýarlar. Olaryň gazanan üstünlikleri şu gezekki köpugurly sergide giňden beýan edilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir