Täze ýyl baýramyna sanaýmaly gün galdy, şonuň üçin şu gün — şenbe agşamy planetanyň baş jadygöýi Santa-Klaus her ýylky syýahatyna ýola düşer. Ol çagalara sowgat alyp barýar diýip, «Euronews.com» habar berýär. 23-nji dekabr agşamy Santa-Klaus özüniň Laplandiýadaky öýüni terk edip, dünýäniň çar künjegindäki çagajyklara Täze ýyl sowgatlaryny paýlamak üçin ýola ugrar. Santa suguna goşulan tirkeginde bütin planetany aýlanar. Ýeri gelende aýtsak, Santany watany Finlýandiýada Ýoulupukki diýip atlandyrýarlar. Jadygöý gojanyň we onuň kömekçileriniň ugruny «Santa Tracker» internet goşundysy arkaly yzarlap bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir