Halkara kuraş federasiýasy Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatyny tamamlanyp barýan ýylyň iň gowy ýaryşy hökmünde ykrar etdi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berdi. «Aşgabatda geçirilen kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty sportuň bu görnüşi boýunça guralýan dünýä birinjilikleriniň taryhyndaky iň gowy ýaryşlaryň biri boly. Ýaryşa 50 töweregi döwletden 500-den gowrak adam gatnaşdy. Türkmenistanyň Hökümeti ýaryşy ýokary derejede guramak we geçirmek üçin ähli tagallalary etdi» diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir